Habarlar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda on bir aýyň jemlerine garaldy

https://ussatnews.com/storage/posts/4796/original-1639dd92002268.jpeg

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G. Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da, nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryndan has netijeli peýdalanmak, uglewodorod çig malyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, gaýtadan işleýän ulgamyň mümkinçiliklerini has doly ulanmak, ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlaryny işjeň çekmek, geljegi uly bolan nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegiň depginlerini artdyrmak, pudagyň düzümini, şol sanda onuň gaýtadan işleýän ulgamyny, sanly ulgamy ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak babatda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmegiň ýollary barada durup geçdiler.

Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow her bir zähmet köpçüliginiň has-da tijenip işlemelidigine ünsi çekmek bilen, ýygnananlara Täze ýyly önümçilik üstünlikleri bilen garşylamakda we hormatly Prezidentimiz tarapyndan bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.