Habarlar

Täze ýylyň öňüsyrasynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/4798/original-1639df6f51cc58.jpeg

16-njy dekabrda paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde her ýylda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda guraýan “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşiginiň birnäçe saýlama tapgyrlary ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirildi. Olaryň dowamynda emin agzalary bäsleşige gatnaşýanlaryň içinden has tapawutlanan, ýerine ýetirijilik ussatlygy bolan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan hem-de has köp ses alan ýaşlary seçip aldylar. Bu gün bolsa olar baş baýragy almak ugrunda özara bäsleşdiler. Oňa aýdym-saz sungatynda meşhurlyk gazananlar hem gatnaşdylar.

Şeýlelikde, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna badalga berildi. Çykyş eden aýdymçylaryň arasynda tomaşaçylar köpçüligine tanyş bolan, aýdym-saz toparlarynyň aýdymçylary we ýokary okuw mekdepleriniň çeperçilik gurnaklaryna gatnaşyjylar hem-de oba ýerlerinden gelen, uly sahnada ilkinji gezek çykyş edýän zehinli aýdymçylar bar. Ýaş ýerine ýetirijilere “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň konsert sahnasynda çykyş etmek üçin deň şertler üpjün edildi.

Bäsleşik mahalynda teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler olaryň çykyşlaryny diňläp, saýlan aýdymçylaryna SMS ibermek we jaň etmek mümkinçiligine eýe boldular. Munuň özi ýaş estradaçylaryň arasynda guralýan bäsleşigiň jemleýji tapgyryna giň köpçüligi çekmekde oňyn şertleri üpjün etdi. Şeýlelikde, ýaş aýdymçylaryň arasyndan jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin 10 aýdymçy saýlanyp alyndy. Jemleýji bäsleşige belli artistler, kompozitorlar, şahyrlar, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we köp sanly ýaşlar tomaşa etmäge geldiler.

Bäsleşigiň şertine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, aýdymçylar onda öz sesiniň arassalygyny, owazyny görkezmek mümkinçiligine eýe boldular. Munuň özi olaryň şahsy artistlik ukybyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem bäsleşigiň dowamynda häzirki zaman estrada we halk aýdymlary, söýgi we watansöýüjilik aýdymlary ýerine ýetirildi.

Bäsleşikde ýerine ýetirilen her bir aýdym babatda meşhur sungat işgärleriniň pikirleri diňlenildi. Şeýle hem olar ýaş aýdymçylara özleriniň maslahatlaryny berdiler. Şol wagt bolsa ses bermek işi dowam etdi. Tomaşaçylardan gelip gowşan SMS habarnamalary hasaplanansoň, bäsleşigi alypbaryjylar onuň jemlerini yglan etdiler. Bu çözgüt tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň köp sesine mynasyp bolan aýdymçynyň kesgitlenmegini şertlendirdi.

Şeýlelikde, bu gezekki bäsleşigiň ýeňijisi bolan Rüstem Hallyýew “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna mynasyp boldy. Oňa göçme kubok hem-de sowgat gowşuryldy.

Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.