Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serdar Berdimuhamedow ministriň Türkmenistana şu gezekki saparynyň uzak möhletleýin türkmen-saud gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyna ynam bildirip, iki dostlukly döwletiň daşary syýasat edaralarynyň geňeşmelerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady.
Döwlet Baştutany şu ýyl Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolandygyny nygtap, ýurdumyzyň uzak möhletli geljegi nazarlaýan ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi hem-de bu gatnaşyklary has-da belent derejä çykarmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow hem-de daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň oňyn depginini we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly eksport-import mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.