«Rimera» kompaniýasy «Türkmennebit» DK üçin enjamlary satyn alar
Russiýanyň nebithyzmat ulgamynda toplumlaýyn hyzmatlar bazarynda öňdebaryjy kompaniýasy bolan «Rimera» 2023-nji ýylda «Türkmengaz»döwlet konsernine «Ižneftemaş» kärhanasynyň öndüren 655 sany çuňluk üçin ştanga nasoslaryny satyn alar diýip, INFOLine habar berýär.
«Rimera» GK-nyň Baş direktorynyň halkara işewürligi boýunça orunbasary Rinat Mazitowyň bellemegine görä, ýurtda uglewodorod gorlarynyň barlanan möçberleri boýunça Türkmenistanyň bazary geljegi uly bazar hökmünde görülýär.
Mazitow şeýle hem jemleýji şertnamany GDA döwletleri bilen işewür gatnaşyklary ösdürmekde düýpli ösüş diýip kesgitledi.
«Rimera» KT (kompaniýalar topary) — nebit çykaryjy enjamlary öndürmek boýunça kärhanalary birleşdirýän we ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary üçin hyzmatlary hödürleýän nebithyzmat kompaniýasydyr.
«Ižneftemaş» — «Rimera» KT-nyň şahamçasy — standart we ýörite ýerine ýetirmede, şol sanda aýratyn çylşyrymly guýy şertlerinde çuňluk üçin ştanga nasoslarynyň 2 müňden gowrak ölçegini öndürýär.
Kärhananyň iň täze işläp taýýarlamalarynyň hatarynda — gazyň derejesi ýokary bolan guýularda (30%-e çenli) işlemek üçin çuňluk ştanga sorujylary bar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.