“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany neşir edildi
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynda iýul — sentýabr aýlaryndaky döwletimiziň daşary syýasy durmuşynyň möhüm ähmiýetli wakalary beýan edilýär.
Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda 2022-nji ýylyň 15-nji awgustynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatdaky wideoýüzlenmesi bilen açylýar. Foruma 30-dan gowrak döwletden ulag düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň onlarçasynyň, maliýe institutlarynyň, bilermenler jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu bolsa duşuşygyň möhüm ähmiýetiniň nobatdaky beýanydyr. Foruma şeýle wekilçilikli düzümiň gatnaşmagy Türkmenistana bildirilýän hormatyň we ýurdumyzyň ulag ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň işjeň syýasaty ählumumy ulag ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň netijeliligini we yzygiderliligini üpjün etmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň kanuny bähbitlerini ykrar etmäge, hyzmatdaşlygymyzyň maksatlaryny we wezipelerini anyklaşdyrmaga gönükdirilendir.
Žurnalda ýerleşdirilen makalalar sebitleýin we ählumumy derejede giň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ugur edinýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli alyp barýandygyny, halkara guramalar we düzümler bilen gatnaşyklary berkidýändigini, şunda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň möhüm ugur bolup durýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 16-njy sentýabrda Samarkant şäherinde geçirilen mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sammitdäki çykyşynda Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlykda, syýasat, howpsuzlyk, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň köptaraply, çeýe görnüşlerini we usullaryny ýola goýmaga taýýardygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň parahatçylygy, ählumumy durnukly ösüşi, howpsuzlygy berkitmekde, häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy durmakda eýeleýän ornuna, bu meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn hem-de jogapkärçilikli çemeleşmesine ýokary baha berýär. Kuwwatly syýasy, ykdysady mümkinçilikleri bolan hem-de halkara giňişlikde uly abraýdan peýdalanýan, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar Ýewraziýa giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy, özara bähbitli we sazlaşykly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän köp döwletler üçin bähbitli ugur hasaplanýar.
Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary düýpli giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin açykdyr, ulag, logistika, kommunikasiýa, energetika, medeniýet, ylym, bilim, ynsanperwer gatnaşyklar, hususy işewürlik ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk gün tertibiniň möhüm meseleleridir diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda belledi.
ŞHG agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda taraplaryň bar bolan dürli derejedäki mümkinçilikleri nazara alnyp, netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalary beýan edildi.
Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalar giň okyjylar köpçüligini aýry-aýry döwletler, aýratyn-da, goňşy ýurtlar, halkara guramalar we sebitleýin düzümler bilen ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary boýunça oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we işjeň hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlary hem-de meýilleri bilen tanyşdyrýar. Şu ýylyň 25-nji sentýabry 1-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran sapary döwrüň ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Saparyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Hosoda Hiroýuki, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy bilen duşuşdy.
Duşuşyklarda giň ugurlar, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, himiýa senagaty, bank-maliýe ulgamlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy saparyň çäklerinde dostlukly ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleri — “Kawasaki Heavy Industries”, “Sanko Selko Co.Ltd”, “Komatsu”, “Itochu”, “Mitsubishi”, “Sumitomo”, “Marubeni”, “Sojits”, “JGC” ýaly iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle-de “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen gepleşikler geçirdi.
Tokioda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni jaýlamak döwlet matam çäresi geçirildi, oňa ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy.
Beýleki bir makalada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary beýan edilýär. Biziň döwletimizde 2022-nji ýyl möhüm senä — Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna beslenýär. Ýurdumyz köpugurly hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyna daýanyp, BMG bilen strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, bu guramanyň köpugurly ygtyýarlyga eýedigini tassyklamak bilen, dünýäde onuň ornuny ýokarlandyrmak, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny we döwletara gatnaşyklaryň syýasy esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasyny berjaý etmek boýunça tagallalaryny dowam etdirer.
Şu ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasy “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamany kabul etdi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň edara binasynyň ýerleşýän ýurdy bolan Türkmenistan öz netijeliligini görkezen bu guramanyň işine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Biziň ýurdumyz 2022-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 15 ýyllygyny bellemek bilen, Baş Assambleýanyň garamagyna bu merkeziň orny barada nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Onda soňky ýyllaryň uly ähmiýetli wakalary beýan edilýär hem-de bu düzümiň binýadynda emele gelen sebit hyzmatdaşlygynyň gurallary berkidilýär.
Şeýle-de bu makalada Türkmenistanyň Aral meselesini Milletler Bileleşiginiň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek üçin tutanýerli we yzygiderli çykyş edýändigi nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy 2023-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda Kararnamasynyň taslamasy boýunça gepleşikleri dowam etdirmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen birlikde, biziň ýurdumyz umumy wehimlere garşy özara ylalaşykly çäreleri işläp taýýarlamakda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň esasy ornuny bellemek bilen, işläp taýýarlanylan “Bitewi saglyk” ählumumy konsepsiýany goldaýar hem-de Merkezi Aziýada 2025-nji ýyla çenli saglygy we abadançylygy goramagyň “Ýol kartasynyň” çäklerinde bu konsepsiýany ilerletmäge çalyşýar.
Žurnalda şeýle hem biziň ýurdumyzyň “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek boýunça alyp barýan işlerine bagyşlanan makalalar çap edilipdir.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 1-nji sentýabrda geçirilen nobatdaky VII gurultaýyna bagyşlanan makala okyjylara hödürlenilýär. Gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.
Ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösen, medeniýetli, hemmetaraplaýyn bilimli we beden taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek häzirki döwrüň möhüm wezipesidir. Sebäbi aň-paýhas taýdan ösen, bilimli, sagdyn ýaş nesil kuwwatly güýçdür, döwletimiziň röwşen geljegidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlar yzygiderli kämilleşdirilýär. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşlaryň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyň täze rejelenen görnüşiniň taslamasyny işläp taýýarlady.
Ýaşlaryň Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyny, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin amatly hukuk şertleriniň döredilmegini üpjün etmek bu Kanunyň esasy maksadydyr. Onuň kabul edilmegi ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň hukuk binýadyny düýpli pugtalandyryp, ýaş nesil üçin döredilýän mümkinçilikleriň has-da giňeldilmegine ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz gurultaýdaky çykyşynda nygtady.
“Türkmenistanyň diplomatik durmuşynyň senenamasy” atly uly bölümde ýerleşdirilen habarlar okyjylaryň içgin gyzyklanmasyna eýe bolar. Onda hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri beýan edilýär. Bu bölümde 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginiň wakalary — utgaşykly görnüşde geçirilen dürli derejedäki duşuşyklar, gepleşikler, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, hökümetara toparlaryň mejlisleri barada gysgaça synlar ýerleşdirilýär.
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnaly Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýär.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.