Habarlar

Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler

https://ussatnews.com/storage/posts/4845/original-163a959c07d1b1.jpeg

Ýurdumyzda türkmen halkynyň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, bu senä gabatlanyp geçiriljek çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2023-2024-nji ýyllarda geçiriljek çäreler türkmen halkynyň beýik akyldarynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyndan mynasyp orun alan baý we gymmatly edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmäge gönükdiriler.

Bu şanly sene Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen bilelikde baýram ediler. Ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda halkara ylmy maslahatlary, tanyşdyrylyş dabaralaryny, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny we beýleki möhüm ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.