Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy tamamlanýar
Şu gün ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy tamamlanýar. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda dekabr aýynyň 17-nden 27-si aralykda “Ilat ýazuwy-2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýen şygar astynda geçirildi.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde habar berişleri ýaly, ilat ýazuwy bellenilen düzgünlere we halkara standartlaryna laýyklykda geçirildi.
Bu çäräni geçirmegiň düzgün-kadalary barada ilaty habarly etmek boýunça taýýarlyk işleriniň üstünlikli geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň raýatlary ýokary jogapkärçiligini görkezdiler. Soramak hem-de elektron ýazuw kagyzlaryny doldurmak işlerini alyp baran ýörite taýýarlykly hasapçylaryň we ilatyň özara gatnaşyklary özara düşünişmek esasynda guraldy.
Şeýlelikde, sanly ulgam has takyk görkezijileri almaga mümkinçilik berer, şeýle hem ilat ýazuwynyň deslapky we gutarnykly netijelerini seljermäge, öz wagtynda we doly çap etmäge ýardam eder. Şolaryň esasynda ýurdumyzyň ilatynyň demografik düzümi we durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlar toplanar .
Şol maglumatlar oýlanyşykly döwlet derejeli çözgütleri kabul etmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ähli pudaklary üçin uzak möhletleýin taslamalarydyr maksatnamalary işläp taýýarlamak üçin zerur bolan has doly, ygtybarly maglumatlar binýadyny döretmäge ýardam eder.
Ilat ýazuwyny geçirmek meselelerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA), Statistika bölümi we beýleki ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini bellemek gerek.
Bu babatda şu ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň BMG-niň Demografik statistika bölüminiň hem-de Statistika müdirliginiň ýolbaşçysy jenap Srjan Mrkiç bilen bolan duşuşygyny görkezmek bolar, myhman BMG-niň bilermenler wekiliýetine ýolbaşçylyk edip iş sapary bilen Aşgabada geldi.
Bu sapar ýerlerde ilat ýazuwyny geçirmek işlerine syn etmek maksady bilen amala aşyryldy. 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny halkara standartlaryna laýyklykda geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlyk duşuşygyň esasy meselesi boldy.
Türkmen tarapynyň ilat ýazuwynyň netijelerini halkara kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda çap etmek boýunça bilermenleriň teklibini öwrenmäge taýýardygy beýan edildi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.