«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» Halkara maslahatynyň we sergisiniň senesi belli boldy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» Halkara maslahaty we sergisi indiki ýylyň 25-27-nji oktýabrynda geçiriler.
Bu sene Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýtynda neşir edilen 2023-nji ýylda geçiriljek sergileriň we maslahatlaryň senenamasynda görkezilýär.
Belläp geçsek, «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» Halkara maslahaty we sergisi ýurdumyzda her ýyl geçirilýän däp bolan pudaklaýyn çäre öwrüldi. Bu forumlara köp sanly bilermenler, alymlar, iri nebitgaz kompaniýalarynyň we halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary pudaklaýyn bazaryň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we meselelerini kesgitlemek üçin ýygnanýarlar.
Şu ýylyň 26-28-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVII Halkara maslahaty we sergisi geçirildi. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda guralan ýöriteleşdirilen iri foruma dünýäniň 45 ýurdundan 500-den gowrak wekil gatnaşdy.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.