Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda “Abadançylyk” söwda-dynç alyş merkezini we täze bazary açdy
28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günbatar künjeginde “Abadançylyk” söwda-dynç alyş merkezini açdy. Täze merkez binagärligiň nusgawy we häzirki zaman usullarynyň sazlaşdyrylmagy esasynda guruldy. Bu ýerde söwda zallarynyň 5-si, restoran, toý mekany, çaýhana we beýlekiler bar. Söwda merkeziniň ýanaşyk ýerlerinde gök zolaklar döredildi, dürli güller ekildi, özboluşly yşyklandyryş ulgamy we oturgyçlar gurnaldy. Şeýle-de bu ýerde awtoduralga bar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda içerki bazarlaryň haryt bolçulygyny üpjün etmek, olarda dürli görnüşli önümleriň satuwyny ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Halkyň sarp edýän harytlaryny, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bir hatarda, söwda ulgamlarynyň ösdürilmegine köp möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Aşgabatda we welaýatlarda gurlan köp sanly döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary kämil enjamlar bilen üpjün edilip, olar ilata ýokary hilli hyzmatlary hödürleýärler.
Toplumyň birinji we ikinji gatlarynda azyk we senagat harytlarynyň köp görnüşlerini özünde jemleýän ýöriteleşdirilen dükanlar ýerleşdirildi. Giň söwda zallarynda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň dürli görnüşlerini satyn almak bolýar.
Täze bazaryň ulanmaga berilmegi toplumda açylýan desgalaryň üstüni ýetirdi. Bu ýerde satyjylar we alyjylar üçin amatly şertler üpjün edildi. Bazaryň çägi ýöriteleşdirilen söwda zolaklaryna bölünipdir. Şunda azyk harytlarynyň hödürlenilýän zolagyna giň orun berlipdir. Onuň inženerçilik-tehniki üpjünçiligi häzirki zaman derejesine laýyk gelýär. Onda elektrik we aragatnaşyk ulgamlary, suw üpjünçiligi we lagym ulgamy sazlaşykly hereket edýär.
Köpugurly bazarlar ýurdumyzyň ähli künjeginde gurlup, olar türkmen halkynyň we mähriban topragymyzyň sahawatyny, berekedini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bazarlaryň elýeterli bahasy bolan harytlar bilen üpjün edilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Hut şonuň üçin-de bazarlar halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär. Munuň özi täze döwrüň milli ykdysady nusgasynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Asyrlaryň dowamynda “ýedi ýoluň çatrygy” hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň çäginden gadymy Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Gündogary we Günbatary, Demirgazygy we Günorta çäkleri baglanyşdyrypdyr. Häzirki döwürde ýurdumyz çäk taýdan amatly ýerde ýerleşip, Ýewraziýa yklymynyň söwda ýollarynyň ähmiýetli çatrygyny emele getirýär.
Dabaralara gatnaşýan Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary toplumyň çäginde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda bolup, olarda döredilen şertler bilen tanyşdylar hem-de bagtyýar öý eýeleriniň hödürlän tagamlaryndan dadyp gördüler.
Hökümet agzalary täze ýaşaýyş jaýlarynyň eýelerine hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlary gowşurdylar.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, belli estrada aýdymçylarynyň, folklor, tans toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Belent ruha beslenen aýdymlarda we tanslarda, ajaýyp çykyşlarda mähriban Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten derejesiniň, hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän asylly işleriniň waspy ýetirildi. Munuň özi halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly wakalaryň taryhy pursatlara beslenýändiginiň, ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.