Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
30-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy.
Paýtagtymyz täze, 2023-nji ýyly baýramçylyk äheňinde bezelen köçeleriň, meýdançalaryň, seýilgähleriň sungat eserlerine çalymdaş dürli şekilleri, özboluşly baýramçylyk bezegleri bilen garşylaýar. Hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramy mynasybetli guralýan esasy dabaralaryň geçirilýän ýeri paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezidir. Beýikligi 43 metr bolan arçanyň ýanynda guralan dabaralar hem dürli çyralar bilen utgaşyp, ertekiler şäherjigini ýada salýar.
Bu ýerde halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşpleri hem-de baýramçylyk bezegleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän gyzykly, täsin şekiller hemmelerde ýakymly täsirleri galdyrýar. Şu günler ýurdumyzyň Baş arçasy köp sanly çagalary, şol sanda Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalary özüne çekýär. Paýtagtymyzdaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmak üçin okuwda tapawutlanan okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýän körpeler çagyryldy.
Hemmeler sabyrsyzlyk bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gelmegine garaşýar. Hormatly Prezidentimiz bilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagy we döwlet Baştutanymyzyň körpeleri Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlamagy körpe nesilleri bilimler dünýäsine düýpli aralaşmaga, mähriban Watanymyzy has-da söýmäge ruhlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdançanyň ýanynda saklandy. Milli lybasdaky çagalar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.
Çagalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylap, bagtly çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan edýärler.
Ýaş nesiller baradaky alada hem-de olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary ugrunda döredilýän şertler hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Körpeleriň ýerine ýetiren belent ruha beslenen goşgy setirleri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrülmegine bildirilýän hoşallyk bolup ýaňlandy.
Joşgunly sazlaryň astynda döwlet Baştutanymyz bagtyýar çagalar bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk hem-de tamamlanyp barýan ýylyň nyşany bolan barsyň we ýetip gelýän ýylyň nyşany bolan towşanyň keşbine giren çagalar türkmenistanlylaryň, ýaş nesilleriň adyndan hormatly Prezidentimizi Täze ýyl bilen gutladylar. Şeýle hem olar ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, ýokary derejeli bilim almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýelenmegi ugrunda edilýän alada, döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Garpamyk uly hormat bilen döwlet Baştutanymyzy ýaşajyk artistleriň şanly waka mynasybetli taýýarlan döredijilik sowgatlary bolan aýdym-sazly, tansly çykyşlaryny tomaşa etmäge çagyrýar.
Bu ýerde baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýaş aýdymçylar, sazandalar, çagalar tans toparlary öz ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezdiler. Ak lybaslary geýnen çagalar toparynyň çykyşlary Baş arçanyň ýanyndaky meýdança ak gar düşen ýaly görnüşi emele getirdi. Çagalaryň şatlyklary, gülküleri bu ýerde guralan dabaranyň owazlary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Çagalar folklor toparlarynyň çykyşlary, türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň, halk döredijilik gahrymanlarynyň keşpleri bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Döwlet Baştutanymyz çagalaryň hemmelerde buýsanç duýgusyny döredýän çykyşlaryny synlady. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň milli buýsanjy bolan çagalaryň köptaraplaýyn zehini hemmelerde guwanç döretdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu günki zehinli mekdep okuwçylary geljekde Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşarlar.
Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Köp sanly bäsleşikleriň, çagalaryň döreden işleriniň sergileriniň guralmagy olaryň öz mümkinçiliklerini açyp görkezmeklerinde, gyzyklanmalaryny, hünäre bolan höwesini has-da artdyrmakda örän ähmiýetlidir. Ýurdumyzda çagalaryň bagtyýarlygy üçin zerur şertler döredilýär. Ähli sebitlerde öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, sport, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns bermegi netijesinde körpe nesiller öz döredijilik, aň-paýhas ukyplaryny ösdürýärler, sport bilen işjeň meşgullanýarlar. Ýaşlar daşary döwletlerde geçirilýän abraýly bäsleşiklere, ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler hem-de medallara we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
...Soňra tamamlanyp barýan 2022-nji ýylyň nyşany bolan barsyň lybasyndaky hem-de 2023-nji ýylyň nyşany towşanyň lybasyndaky ýaşajyk artistler hormatly Prezidentimizden özleri bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagy haýyş etdiler. Arkadagly Serdarymyz olara minnetdarlyk bildirdi we nesilleriň bagtyýarlygyny, agzybirligini, ajaýyp dessurlaryň dowamlylygyny alamatlandyrýan asylly ýörelgelere eýerip, çagalar bilen arçanyň daşyndan aýlandy.
Bu ýerde guralan dabara gatnaşan çagalaryň hemmesine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar
Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy
29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.