Habarlar

Hormatly Prezidentimiz çagalary bilen Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/4879/original-163afc5548bdbb.jpeg

30-nji dekabrda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda çagalar toparlarynyň, estrada artistleriniň, teatr we sirk ussatlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl mynasybetli guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy.

Täze ýyl arçasynyň ýanynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlar dürli yşyklaryň, bezegleriň sazlaşygynda ertekilerdäki ýaly täsin görnüşleri emele getirdi.

Bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyna döwlet Baştutanymyz we ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çagalar bilen geldiler.

Hormatly Prezidentimiz teatr we sirk artistleriniň, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, ýaş zehinli çagalaryň gatnaşmagynda taýýarlanan joşgunly çykyşlara tomaşa etdi.

Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada şadyýan aýdymlaryň, sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. “Güneş” hor toparynyň aýdymçylary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Galkynyş” tans toparlary ýakymly pursatlary peşgeş berdiler. Bu ýerde aýdymçylaryň çykyşlaryna-da orun berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we daşary ýurtly diplomatlaryň çagalarynyň baýramçylyk mynasybetli Täze ýyl barada okan goşgulary, ýerine ýetiren aýdymlary şatlyk-şowhun bilen garşylandy.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri tomaşaçylara döredijilik sowgatlaryny peşgeş berdiler. Olaryň çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Çagalar aýdym-saz, tans kompozisiýalaryny hödürläp, özleriniň zehinlerini görkezdiler hem-de tomaşaçylara şatlyk paýlap, dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdylar.

Ýaşajyk artistler türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler. Milli mirasyň özboluşly ugurlaryny we häzirki zamanyň täzeçil ýörelgelerini özünde jemleýän çykyşlarda dünýä medeniýetiniň oňyn tejribeleri öz beýanyny tapdy. Munuň özi sungatyň ähli täzeçil, gyzykly taraplaryny açyp görkezdi.

Täze ýylyň hormatyna dabara gatnaşyjylara ägirt uly tort hödürlenildi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.