Awtoulaglaryň sürüjilerine hyzmaty ýokary medeniýetli guramak «Türkmennebitönümleriniň» esasy wezipeleriniň biri
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhananyň agzybir zähmet adamlary Murgap etrabynyň dolandyryş merkezi bilen ýanaşyk ýerde, etrabyň köp ilatly obalaryna barýan ýoluň ugrundaky durky düýpli täzelenilen 186-njy awtoulaglara ýangyç guýujy bekediň täze binasyny gurup ulanmaga berdiler. Beketde dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijileriniň öndüren iň kämil tehnologiýaly ýangyç guýujy enjamlary oturdyldy. Onda optiki-süýümli kabelleriň, wideogözegçilik enjamlarynyň gurnalmagy işleri sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berer.
Sürüjiler bu ýerde awtoulaglaryna benziniň A-80, A-92, Eko-93, A-95 görnüşlerini we dizel ýangyjyny guýup bilýärler. Bekediň işgärleri müşderiler bilen hasaplaşygy nagt hem nagt däl görnüşde geçirýärler. Bu beket taslama kuwwatlygy boýunça her gije-gündizde ýedi ýüz elli awtoulaga hyzmat etmeklige niýetlenilendir.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwletimiziň nebitgaz pudagy täze ösüşlere eýe bolýar. Şu ösüşli, özgerişli zamanamyzda önümçiligi döwrebaplaşdyryp, awtoulaglaryň sürüjilerine hyzmaty ýokary medeniýetli guramak kärhananyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Wekilbazar nebit önümleri kärhananyň garamagyndaky awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň aglabasy köp gatnawly ýollaryň, köçeleriň ugurlarynda sürüjilere barmak üçin oňaýly ýerlerde ýerleşýär.
Bu kärhana gelip gowuşýan ýangyç hem çalgy ýaglary bökdençsiz kabul etmek hem saklamak üçin möhüm gurluşyk, gurnama işleri ýerine ýetirýär. Geçen ýylynda kärhanada göwrümi üç müň ýedi ýüz kub metr bolan çelekler toplumy guruldy. Mundan daşary döwrebap estakada hem gurup ulanmaga berildi. Ol ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň birbada on sekizisine ýangyç guýmaga mümkinçilik berýär.
Wekilbazar nebit önümleri kärhanasy «Türkmenawtoban» ýokary tizlikli halkara ýolundan üstaşyr geçýän awtoulaglaryň sürüjilerine hyzmatyň medeniýetli guralmagyna goşant goşmak maksady bilen, bu halkara ýolunyň Mary welaýatynyň çäginden geçýän böleginiň «A» hem-de «B» bloklarynda awtoulaglara ýangyç guýujy kuwwatly beketleriň ikisiniň gurluşyk-gurnama işlerini ýokary depgin bilen alyp barýar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.