Habarlar

Türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleriniň dowamynda energetika howpsuzlyk meseleleri maslahatlaşyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/4955/original-163c98527298e9.jpeg

Türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleriniň dowamynda taraplar halkara energetika we ekologiýa howpsuzlygynyň meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

16-17-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Fransiýa tarapyna Fransiýanyň DIM-niň Kontinental Ýewropa bölüminiň müdiriniň orunbasary Silwen Gýoge ýolbaşçylyk etdi. Geçirilen duşuşyklaryň çäginde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ýurtlaryň arasyndaky syýasy gepleşikleri pugtalandyrmak işinde iň ýokary we ýokary derejede gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Halkara we sebit guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi beýan edildi, Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça özara gatnaşyklara seredilip geçildi. Duşuşygyň aýratyn temasy hökmünde Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki özara gatnaşyklar, şeýle hem "ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň" wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine üns berildi. Şol bir wagtyň özünde, ynsanperwerlik ugrundaky gepleşikleri şu ýyl dowam etdirmek üçin özara gyzyklanma bildirildi.

Diplomatlar halkara gün tertibi barada pikir alyşdylar we halkara energetika we ekologiýa howpsuzlygynyň käbir meselelerine ara alyp maslahatlaşdylar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.