Habarlar

Taryhy maslahat ösüşiň täze belentliklerine tarap ýolda Ýurdumyzyň okgunly gadamlaryny alamatlandyrdy

https://ussatnews.com/storage/posts/4965/original-163cead52c7d72.jpeg

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Bu waka milli demokratiýanyň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrülip, ata Watanymyzyň taryhy ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň, Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki mejlisiň dowamynda taryhy çözgütler kabul edilip, kanuny esasda tassyklanyldy. Şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Kararyny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň karary kabul edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu kararlar aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Täze Konstitusion kanunlaryň kabul edilmegi döwletiň we jemgyýetiň okgunly ösmegine hyzmat edip, täze eýýamyň giň gerimli özgertmeleriniň we maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün eder, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyna hem-de jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkemegine ýardam eder.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň ýaşuly nesliniň, nebitgaz pudagynyň ýaş hünärmenleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ýaş nesliň wekilleriniň adyndan çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hem-de Esasy Kanuna üýtgetmeleri girizmek hakynda başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy täze döredilen Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlamak hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýip kanuny esasda ykrar etmek hakynda teklip öňe sürüldi. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine we onuň halkara abraýynyň artmagyna gönükdirilen ägirt uly hyzmatlary, giň gerimli döwlet işleri bilen şertlendirilendir.

Geçen 15 ýylyň içinde mähriban Watanymyzyň ägirt uly üstünlikleri gazanmagy we belent derejelere ýetmegi Gahryman Arkadagymyzyň giň möçberli döwlet işiniň aýdyň netijesidir. Bu bolsa hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegine mynasypdygyny görkezýär diýip, Milli Geňeşiň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisine gatnaşyjylar bellediler.

Çykyşlarda hem-de ildeşlerimizden gelip gowşan köp sanly ýüztutmalarda halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzy hakyky Milli Lider hasaplaýandygy bellenildi. Munuň özi özygtyýarlylygy pugtalandyrmakda, Watanymyzyň halkara abraýyny we ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu beýik derejäni kanun esasynda berkitmek baradaky teklip hem biragyzdan goldanyldy.

Soňra yglan edilen arakesmede Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň döredilmegi baradaky teklipler esasynda konstitusion topar tarapyndan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Milli parlamentiň işiniň üýtgedilip guralmagy döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara ülňülere laýyklykda düýpli berkitmäge hem-de döwleti dolandyrmagyň çeýe ulgamyny emele getirmäge, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Soňra maslahata gatnaşyjylaryň garamagyna «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Onuň kabul edilmegi ýurdumyzy hem-de jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine döwlet edaralarynyň, jemgyýetçiligiň, sebitleriň wekilleri, şol sanda parasatly ýaşulular, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar girer.

Halkyň erk-isleginden ugur alnyp, konstitusion topar tarapyndan «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Mejlisiň dowamynda deputatlar Konstitusion kanunlaryň kabul edilmegi üçin biragyzdan ses berdiler, Halk Maslahatynyň agzalary bolsa olary makulladylar. Soňra Kanun taslamalarynyň üçüsi hem Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna iberildi.

Şeýle hem ýygnananlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak hakyndaky teklibi goldadylar.

Arakesmeden soň Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki mejlisiniň netijelerini beýan etmek bilen, bu taryhy wakanyň halkymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna barha berk jebisleşýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrülendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň biragyzdan kabul eden we makullan kanunçylyk namalaryna seredip, «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda» Permana gol çekdi.

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilendigi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilendigi üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ildeşlerimiziň bu ägirt uly ynamy ony ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, halkymyzy abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşatmagyň hatyrasyna mundan beýläk-de yhlasly işlemäge borçly edýär.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň ösüşinde täze döwrüň başlanýandygyny alamatlandyryp, halkymyzy has-da jebisleşdirjekdigini, ony täze belentliklere ýetmäge ruhlandyrjakdygyny ynamly aýtmak bolar. Agzybirligi we jebisligi netijesinde bu gün halkymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurtda abadan durmuşda ýaşaýar, bu ýerde parahatçylyk höküm sürýär.

Halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasynyň döredilmegi hem-de nebitgaz pudagynyň ösmegine uly goşant goşan Gahryman Arkadagymyzyň ählihalk tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegi nebitgaz toplumynyň wekillerini tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Türkmenistanyň nebitçileri, gazçylary, geologlary bu taryhy kararlary buýsanç bilen kabul etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza pudagy mundan beýläk-de ösdürmek barada edilýän alada hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine amal edýän asylly işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edýärler.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga habarlar
169c762cd54c7f.jpeg
Nusaý galasynda gezelenç talyp ýaşlarda milli buýsanjy artyrdy

Talyp ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly yzygiderli guralýan medeni çäreleriň çäklerinde bu gün Halkara senagatcylar we telekeçiler uni wersitetiniň professor-mugallymlarynyă we talyp ýaşlarynyă gatnaşmagynda Nusayyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy.


169c554155d778.jpeg
YLMY ÖSÜŞLER DABARALANÝAR

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde nobatdaky ylmy-usuly maslahaty geçirildi.


169c2d665f3a81.jpeg
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi

Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty — tebigatchy.co.tm işläp başlady. Bu sanly platformanyň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup, ol amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

169c161b92c194.jpeg
Uzynadadaky täze önümli guýy

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.


169c15959053ff.jpeg
Okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, döwrüň talabyna laýyk guramak, işleriň dogry alnyp barylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi.