Habarlar

Sapar ATABERDIÝEW, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy:

https://ussatnews.com/storage/posts/4967/original-163cfbece0f5f9.jpeg

— Biz, Maslahat köşgünde geçirilen mejlise gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyzyň ýokary wekilçilikli edarany — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda teklibini biragyzdan goldadyk, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň onuň Başlygy wezipesine saýlanylmagyny hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen halkynyň Milli Lideri diýip kanun esasynda ykrar etmek baradaky teklibi doly goldadyk. Bu wakalar türkmen döwleti we jemgyýeti üçin taryhy ähmiýete eýe boldy.

Parlamentiň palatalarynyň hem-de jemgyýetçiligiň bilelikdäki mejlisi döwlet häkimiýetliliginiň gözbaşy bolup durýan halkymyzyň konstitusion hukuklarynyň ýurdumyzda mäkäm goralýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň berkararlygynyň we rowaçlygynyň bähbidine asylly işleri

amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallygymyzy beýan edýäris.

Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň döwletimiziň döreden uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, päk ýürekden zähmet çekjekdigine ynanýarys.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.