Myrat BAÝRAMGYLYJOW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gaz çykaryş tehnologiýalary laboratoriýasynyň müdiriniň w.w.ý.ý.:
— Döwlet derejesindäki maslahatlara gatnaşanyňda, ata Watanymyza bolan belent buýsanjy hem-de jemgyýetiň her bir agzasynyň onuň geljekki ykbaly üçin jogapkärçiligini örän aýdyň duýýarsyň.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütler halkymyzyň durmuşynyň has möhüm ugurlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň berkeýändigine şaýatlyk edýär. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzy Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlap hem-de özüniň Milli Lideri diýip ykrar etmek bilen, onuň bitiren işlerine ýokary baha berdi. Ata Watanymyzyň rowaçlygy, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýy Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet işleri bilen aýrylmaz baglydyr.
Biz Gahryman Arkadagymyz, Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy mejlisde eden çykyşyny uly üns bilen diňledik. Eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn çäreler barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berdi. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynda gury ýerde we deňizde nebitgaz känlerini özleşdirmek, köp mukdarda maýa goýumlaryny çekmek, dürli önümçilik desgalaryny gurmak arkaly olaryň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmaly. «Şu işleriň netijeleri halklaryň bähbitlerine hyzmat etmelidir» diýip, Milli Liderimiz belledi.
Pudagyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.