Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň bilermenleri Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabatda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň bilelikdäki iş toparynyň iki günlük duşuşygy geçirildi diýip, türkmen DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýetine Hazaryň institutynyň direktory, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili M.Atajanow, Azerbaýjanyň wekiliýetine - Daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Serhetler we Hazar deňzi boýunça ýörite wekili H.Halafow ýolbaşçylyk etdi.
24-25-nji ýanwarda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.
Bilelikdäki iş toparynyň mejlisiniň dowamynda Hazar deňziniň düýbüniň çäklerini Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda kesgitlemek baradaky Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky şertnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek boýunça gepleşikler birnäçe ýyllaryň dowamynda alnyp barylýar. Bu mesele boýunça Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gepleşikler 2022-nji ýylyň 12-13-nji sentýabrynda Bakuda geçirildi.
Häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňzinde «Dostluk» känini özleşdirmek boýunça Ylalaşygy taýýarlaýarlar. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan 50 mln tonna nebit diýlip bahalandyrylýan bu käni derňemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.