Rahym ESENOW, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Aşgabatdaky awtomobillere ýangyç guýuş beketleriň müdirliginiň başlygynyň orunbasary:
— «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» ata Watanymyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenip, jemgyýetçiligiň gatnaşmagynda geçirilen milli parlamentiň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen kararlar hem şolaryň hataryna girýär.
Esasy Kanunymyza girizilýän üýtgetmeleriň öňdebaryjy halkara tejribesine we kanunçylygyň ölçeglerine, şeýle hem milli däplere kybap gelýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzda ähli başlangyçlar, ykbal ähmiýetli işler asyrlarboýy halkyň wekilleri bilen ara alnyp maslahat edilenden soň, olaryň giňden goldamagy we işjeň gatnaşmagy bilen durmuşa geçirilipdir.
Mähriban halkymyz halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasynyň döredilmegini biragyzdan goldady hem-de Gahryman Arkadagymyzy Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlady, şeýle hem Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edildi.
Bu taryhy çözgütler ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolunda täze möhüm ädim boldy, şeýle hem halkymyzyň öz Milli
Liderine uly ynamynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.