Habarlar

Türkiýäniň Rönesansy Türkmenistanda gazdan benzin öndürmek boýunça taslamanyň ikinji tapgyryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

https://ussatnews.com/storage/posts/4997/original-163dc709b795cf.jpeg

Rönesans Holding türk toparynyň kompaniýalarynyň biri bolan Rönesans Endüstri Tesisleri Türkmenistanda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça ikinji zawodyň taslamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada Bloomberg HT habarlar agentligi habar berdi.

Rönesans Holding Merkezi Aziýada taslamany durmuşa geçirmek hakynda deslapky ylalaşygy geçen ýylyň 22-nji dekabrynda Tokioda geçirilen 14-nji Türkmen-ýapon ykdysady maslahatynda maslahatlaşdy. Çäre Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Itochu Corporation-yň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygynda geçdi. Oňa türkmen hökümetiniň wekilleri, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi we sebitde taslamalary durmuşa geçirýän türk we ýapon kompaniýalarynyň wekilleir gatnaşdy.

Rönesans bilen bir hatarda ikinji zawodyň taslamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Kawasaki Heavy Industries we Itochu Cooperation gol çekdi.

Ahal welaýatynda Owadandepede Tebigy gazdan sintetiki benzin öndürmek boýunça birinji zawod «Türkmengaz» döwlet konserniniň Kawasaki Heavy Industries ýapon kompaniýasynyň we Rönesans türk gurluşyk holdinginiň konsorsiumy bilen ABŞ-nyň 1,7 mlrd dollarlyk şertnama gol çekmegi esasynda guruldy. Döwrebap senagat toplumy 2019-njy ýylyň iýunynda ulanyşa girizildi.

1,7 mlrd dollar bahasy bolan zawod her ýylda 1,785 mlrd kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we Ýewro-5 standartlaryna laýyk gelýän EKO-93 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny we suwuklandyrylan gazyň 100 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Bu toplum «Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.