Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň wekilleri ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Daşary işler ministriniň konsullyk, mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli bilen geçiren duşuşygynda syýasy-ykdysady, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary we ýokary derejelerdäki duşuşuklaryň möhümdigini bellediler.
Diplomatlar şu ýylyň 15-17-nji fewralynda Türkmenistanyň paýtagtynda nobatdaky mejlisi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň işine üns berdiler.
Şunuň bilen baglylykda, elektroenergetikada, ulag we nebitgaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda Aşgabatda 15-nji mejlisi geçirilýän Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.
Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň çäklerinde iki ýurduň parlamentleriniň hem-de parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçylarynyň saparlaryny guramak mümkinçiliklerine seretmek teklip edildi.
Diplomatlar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem halkara we sebit guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Diplomatlar şeýle-de şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere hem-de duşuşuklara üns çekdiler.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.