Habarlar

Milli parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

https://ussatnews.com/storage/posts/5035/original-163e5ea98714eb.jpeg

Türkmenistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Ýerlerde okrug saýlaw komitetleri işleýär, şeýle-de uçastok saýlaw toparlary döredildi, olaryň işgärleri üçin okuw maslahatlary geçirilýär. 26-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäre türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, halk häkimiýetliligi ýörelgelerini pugtalandyrmagyň ýolunda ädilen täze anyk ädim bolar.

Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlaw möwsüminiň her tapgyrynyň möhletleri saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanan meýilnamasynda bellenendir. Häzirki wagtda dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär we bu çäre 24-nji fewrala çenli dowam eder. Ähli ýerlerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça komitetleriň mejlisleridir ýygnaklary geçirilýär. Olarda kanun çykaryjy häkimiýetiň ýokary edarasynda halkyň bähbitlerine wekilçilik etmek ynanyljak dalaşgärler barada pikir alşylýar. Dalaşgärleriň hatarynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, medeniýet, ylym, senagat, ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynyň işgärleri, oba zähmetkeşleri we beýlekiler bar. Şunuň bilen birlikde, 4-nji fewralda dalaşgärleri bellige almak başlandy, bu çäre 28-nji fewralda tamamlanar.

Açyklyk, aýanlyk we bäsdeşlik şu gezekki saýlaw möwsüminiň hem esasy kesgitleýji ýörelgeleridir. Elbetde, parlamentiň deputatlygyna, halk maslahatynyň we Geňeşiň agzalygyna iň mynasyp, Watanynyň bähbidini ähli zatdan ýokary tutýan, watandaşlarynyň ynamyny we hormatyny gazanan Türkmenistanyň raýatlary saýlanar. Halk wekillerine ýurdumyzy mundan beýläk-de syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny çözmek garaşýar.

26-njy martda geçirilmegi bellenen saýlawlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň ýolunda täze ädim bolar. Bu başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň depginli ilerlemegine itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, öňümizde geçiriljek saýlawlar hem-de dowam edýän dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak çäreleri häzirki türkmen döwletinde we jemgyýetimizde demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki günde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan bu özgertmeleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýakynda geçiriljek saýlawlary ýurdumyz üçin örän möhüm waka bolup, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygynyň esaslaryny we demokratik binýatlaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Başga habarlar
16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.

16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.