Habarlar

Pakistan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýar — HBS

https://ussatnews.com/storage/posts/5039/original-163e67c7f72c88.jpeg

Pakistan, Hindistan bilen, ýa-da onsuz hem bolsa, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge başlamaga taýýarlygyny mälim etdi, çünki Owganystan bu taslama üçin ýörite güýçleri toplamaga taýýar. Bu barada ýurduň nebit we tebigy serişdeler ministri Musadik Malik ýakynda Saud Arabystanyna sapary wagtynda aýtdy diýip, Pakistanyň gündelik maliýe gazeti bolan Business Recorder ýazýar.

Neşiriň çeşmeleriniň habar bermegine görä, ministr saud tarapyna TOPH gaz geçirijisiniň häzirki ýagdaýy barada habar berdi. Malikiň bellemegine görä, Pakistan taslamany mümkin boldugyndan tiz durmuşa geçirmek isleýär. Habar berlişi ýaly, eger-de Hindistan taslamadan çyksa, onda Pakistan onuň gaz paýyny hem satyn almaga taýýar.

Owganystan meselesi baradaky sowala nebit we tebigy serişdeler ministri bu ýurtda howpsuzlyk hem-de syýasy ýagdaýyň durnuksyz ýagdaýda galýandygyny belledi. Muňa garamazdan, amatly ýagdaýlar dörediler, howpsuzlyk meselesini çözüp bolar. Onuň aýtmagyna görä, turba geçirijiden üstaşyr girdejiler Owganystanyň ýyllyk býujetiniň 80-85%-ni düzüp biler. Bu bolsa Owganystany onuň howpsuzlygyny üpjün etmegine borçlandyrýar.

Çeşmeleriň habar bermegine görä, saud tarapy TOPH babatda wakalaryň ýaýbaňlanyşyna dykgat bilen yzarlajakdygyny aýtdy. Olar şeýle hem eger-de howpsuzlyk hem-de ykdysady meseleleriň ählisi çözülen ýagdaýynda PIF (Public Investment Fund - Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýum gaznasy) SDF we Exim Bank ýaly maýa goýum guramalarynyň çekilip bilinjekdigini çaklady.

Saud Arabystanynyň maliýe, energetika, peýdaly gazylyp alynýan baýlyklar we senagat ministrleri bilen duşuşygyň barşynda Pakistanyň ministri şeýle hem Türkmenistandan tebigy gazyň Çamandaky gaz geçiriji boýunça Gwadara ýetirilip we ondan aňry suwuklandyrylan tebigy gaz hökmünde eksporta iberilip bilinjek täze taslamasyny hem hödürledi.

Onuň pikirine görä, eger-de Saud Arabystany bu taslama goşulsa, bu täze mümkinçilikleri açar, Pakistan, Türkmenistan we Saud Arabystany bolsa suwuklandyrylan tebigy gazy bilelikde eksport edijilere öwrülip biler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.