Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna ikinji ynsanperwerlik kömegini türkmen zenanlarynyň adyndan iberildi
10-nji fewralda Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken Türkiýe Respublikasyna ikinji ynsanperwerlik kömegi iberildi. Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çekenleriň arasynda çagalaryň hem bardygyny nazara alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden doganlyk ýurda ynsanperwerlik kömegini berildi. Bu kömegiň türkmen zenanlarynyň adyndan ugradylýandygy öz perzentlerini tutuş durky bilen söýýän enelere goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.
Ejir çeken maşgalalar, olaryň çagalary üçin zerur bolan ýyly egin-eşikler, derman we lukmançylyk serişdeleri, şeýle-de azyk önümleri ýüklenilen uçar doganlyk ýurda tarap ugur aldy.
Munuň özi ýurdumyzyň şunuň ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, doganlyk ýurt üçin kyn pursatlarda kömek goluny uzatmaga hemişe taýýardygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.