Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň ejesi türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi
10-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy öz maşgalasynyň, ýagny ýoldaşynyň, oglunyň adyndan, eneleriň we tutuş türkmen halkynyň adyndan Türkiýede bolup geçen agyr betbagtçylyk zerarly çuňňur gynanjyny beýan edip, Emine Ärdogana hem-de tutuş türk halkyna duýgudaşlyk bildirdi we Beýik Biribardan gurban bolanlaryň jaýlarynyň jennet bolmagyny, bu agyr günleriň geçmegini we ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.
Öz ýoldaşynyň, oglunyň hem-de maşgalasynyň adyndan, tutuş türkmen halkynyň adyndan döwletimiz tarapyndan doganlyk türk halkyna goşmaça ynsanperwerlik kömeginiň ugradylandygyny, şol sanda tebigy betbagtçylygyň netijesinde ejir çeken çagalar üçin ýyly egin-eşikleriň iberilendigini aýdyp, hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy şu agyr pursatda şehit bolanlaryň maşgalalaryna we ýakynlaryna türkmen tarapynyň mundan beýläk-de islendik zerur goldawlary bermäge taýýardygyny nygtady.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan türk halkynyň adyndan we hut öz adyndan goldaw hem-de medet beriji sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu agyr pursatda bildirilýän duýgudaşlygyň we berilýän doganlyk kömeginiň türk halkynyň ruhuny götermekde örän ähmiýetlidigini belledi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirip, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny, zenanlara, çagalara, tutuş doganlyk türk halkyna parahatçylyk we rowaçlyk dileg etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.