BAE-niň kompaniýalary Türkmenistanda «Galkynyş» känini özleşdirmek we beýleki taslamalara gatnaşar
Birleşen Arap Emirlikleriniň iri nebitgaz kompaniýalary Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşarlar. Bu «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamada göz öňüne tutulýar.
Ähtnama geçen ýekşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-12-nji fewralda Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň barşynda gol çekildi.
Saparyň netijeleri boýunça şeýle hem Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge tagallalaryny berkidýän Bilelikdäki Jarnama gol çekildi.
Taraplar Türkmenistanda geljegi uly energetika taslamalarynyň mümkinçiliklerini öwrenmekde, uglewodorod serişdelerini bilelikde işläp geçmekde, soňra önümleriň marketing bilen, şeýle hem gaz-ulag düzümlerini ösdürmek boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Ähtnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ibermegiň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Şu maksatlar bilen, taraplar nebitgaz ulgamynda, şol sanda maýa goýum işinde bilelikdäki işleri hem-de taslamalary goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, bu ugurda dürli başlangyçlary we taslamalary goldamagy ylalaşdylar.
Taraplar energetika ulgamynda, hususan-da, energetika serişdelerini özara bähbitlilik esasynda dünýä bazarlaryna ibermek babatda ylmy, tehniki hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Taraplar Türkmenistanyň energetika kuwwatyny ösdürmek, energiýa serişdelerini ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak üçin özara bähbitli ykdysady, hukuk we tehniki şertleriň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Merkezi we Günorta Aziýa, şeýle-de Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin energetika serişdelerini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtadylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we ony Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.