Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumy boýunça täze wise-premýer bellenildi
Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumynyň meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni 2022-nji ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Ondan öň, A.Begliýew 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinden bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinde işleýärdi.
Prezident oňa täze wezipede üstünlikleri arzuw edip hem-de degişli resminamalara gol çekip, nebitgaz pudagynyň ykdysadyýetimiziň iň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi we öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmak, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça işleri has-da güýçlendirmek, Hazar deňziniň sebitinde gözleg we özleşdirmek işlerini üpjün etmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny hem üns merkezinde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutany nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin öňden özleşdirilip gelinýän ýataklarda degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak üçin degişli işleri geçirmegiň, bu kärhanalarda täze ýokary hilli tehnologik önümçilikleri döretmek boýunça işleri dowam etdirmegiň ähmiýeti bellenildi.
Uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly gatlaklaryny gözlemek we barlamak boýunça, şeýle-de gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, gurluşyk materiallarynyň we ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag işlerini güýçli depginde dowam etdirmeli diýip, Prezident aýtdy.
Şeýle hem nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, nebitgaz senagatynyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsirini peseltmäge gönükdirilen meselelere aýratyn üns bermegiň möhümdigi nygtaldy.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.