Habarlar

Argus Türkmenistanyň kompaniýalaryny Dubaýda geçiriljek nebit önümleri boýunça maslahata çagyrýar

https://ussatnews.com/storage/posts/5071/original-163ed30de83925.jpeg

Argus halkara baha beriş agentligi 16-17-nji martda Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) «Argus nebit önümleri bazary 2023. Hazar we Merkezi Aziýa» atly Halkara maslahatyna çagyrýar.

Maslahat iri halkara nebit, söwda we ulag-logistika kompaniýalarynyň wekillerini Hazaryň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlarynyň nebit we nebit önümleri bazarynyň ösüşiniň esasy ýörelgelerini maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlär. Bu barada «Biznes Türkmenistan» neşiri Argus-a salgylanyp habar berýär.

Maslahatlaşyljak mowzuklaryň arasynda Russiýadan importyň çäklendirilmegi sebäpli nebit önümleriniň global akymynyň üýtgemegi; Ýewropanyň ýangyç balansynyň üýtgedilip gurulmagy; Ýük daşamalar bazary: nebit önümlerini daşamagyň ugurlaryny giňeltmek, ýük daşamalarynyň bahalaryna edilýän täsir, ätiýaçlandyryş bazaryndaky üýtgeşmeler; Rus nebiti üçin iň ýokary baha çäklendirmesiniň girizilmegi dünýädäki nebit we nebit önümleriniň akymyna nähili täsir etdi; Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde nebiti gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly ýüze çykan ýagdaý (Hindistan, Hytaý, Indoneziýa); Türkiýedäki tendensiýalar: nebit önümleriniň importyndaky we eksportyndaky ösüş; Ýakyn Gündogaryň bazarlary; Gazagystandan üstaşyr akymlar we motor ýangyjyň eksporty; Gazak nebitniň akymlarynyň üýtgedilmegi. Hazarüsti ugry; Nebithimiýa önümleriniň Özbegistandan we Türkmenistandan üpjün edilmegi; Nebiti gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklaryň (önümçilikleriň) ösdürilmegi; Çig malyň we nebit önümleriniň Owganystana import edilmeginiň soňky tendensiýalary we geljegi; Hazar sebitiniň we Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri; Çig malyň we nebit önümleriniň Eýrana alyş-çalyş we üstaşyr meýilnama esasynda iberilmegi bar.

Türkmen bazarynda iş alyp barýan "PETRONAS Çarigali Türkmenistan” we “Turkmen Petroleum Products Trade DMCC” ýaly onlarça kompaniýalar “Argus” tarapyndan gurnalýan bu halkara konferensiýa gatnaşmak üçin hasaba alyndy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.