Habarlar

Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän toplumyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/5087/original-163f4c6cfd709c.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän senagatyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyklykda ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynyň netijeli işlemegini üpjün etmegiň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak meselelerini çözmäge täzeçe çemeleşmek, ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, bäsdeşlige ukyply, ýokary tehnologiýaly, ekologik taýdan arassa önümleriň görnüşlerini giňeltmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.