Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-premýeri bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/5089/original-163f4c98e54a3f.jpeg

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Gysga möhletleýin sapar bilen ýekşenbe güni Aşgabada gelen ýokary derejeli myhmany Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti garşy aldy.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, BAE-de Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şol sanda deňhukuklylyga, özara bähbitlilige esaslanýan uzak möhletleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Gepleşikleriň barşynda geçen ýylyň noýabr aýynda Abu-Dabide geçen ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleriniň ähmiýeti, şeýle hem şu aýyň birinji ýarymynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň ähmiýeti nygtalyp geçildi. Saparlaryň barşynda swda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu taslamalar ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi berip, maýa goýumlary çekmek, bilelikdäki önümçilikleri döretmek, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek, bank-maliýe ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda köpugurly ulag ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Hususan-da, ýurdumyzyň deňiz ulag ulgamynyň düzümi giňeldilýär, täze awtomobil, howa, demir ýol ulag merkezleriniň we geçelgeleriniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ulag ulgamy boýunça giň möçberli taslamalaryň işlenip taýýarlanylýandygy, şunda bu ugurda baý tejribe toplan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda BAE-niň belli kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.