Geçen hepdäniň birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna owganystanly telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy Birleşen Arap Emirlikleriniňwe Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük, boýalan tüýjümek önümler, şeýle hem portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 34 million 721 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bahasy 4 million 175 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 2 million 500 müň manada deň bolan, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.
Kadyrberdi Artykow — GDA-nyň iň gowy talyby
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
ABŞ Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyny goldaýar – Döwlet sekretarynyň orunbasary
Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.
Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär
Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.