Habarlar

Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-fewral boýunça jemleri jemlenildi

https://ussatnews.com/storage/posts/5144/original-16406fe1fdcc57.jpeg

Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň işiniň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, benzin, suwuklandyrylan gazy öndürmek, “mawy ýangyjy” eksport etmek ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasynyň 101,2 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi.

Wise-premýer dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnamanyň 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 105 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň bolsa 110,7 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 105,3 göterim ýerine ýetirildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň, kärhanalaryň taslama kuwwatynda işledilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany amatly bahalardan import enjamlaryny, ätiýaçlyk şaýlaryny, himikatlary we sarp ediş serişdelerini bökdençsiz getirmek üçin olary öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryny hem-de daşyndan maýa goýumlary çekmek boýunça zerur çäreleri görmek, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak möhümdir diýip, hormatly Prezident bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.