Habarlar

Enejan NURMYRADOWA, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa gözleg işleriniň ykdysadyýeti we nebitgaz serişdelerine baha bermek laboratoriýasynyň tehnigi:

https://ussatnews.com/storage/posts/5152/original-1640830554cac6.jpeg

— «Türkmengaz» döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ojaklarymyzda asudalygyň we abadançylygyň höküm sürmegi üçin halkymyz barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy, arkaýyn zähmet çekip, çagalary terbiýelemek üçin döredilýän mümkinçilikler, mähir we nurdan doly ajaýyp bahar baýramynyň ýokary derejede guralýanlygy üçin tüýs ýürekden hoşallygymyzy beýan edýäris.

Hormatly Prezidentimiziň adyndan her ýyl pul sowgatlarynyň gowşurylmagy döwletimiziň zenanlara aýratyn üns berýänliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şeýle hem baýramçylyk günleri ýurdumyzda köp çagaly eneleriň sylag-hormaty ýetirilýär. 8 we şondan köp çagany dünýä inderen zenanlara «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar, sowgat hökmünde täze döwrebap öýleriň açarlary gowşurylýar.

Biz döredijilikli zähmet çekmek, çagalary terbiýelemek, ukyp-başarnygyny we zehinini açmak üçin aýal-gyzlara ähli şertleriň döredilýän ýurdunda ýaşaýanlygymyza diýseň buýsanýarys we özümizi örän bagtly saýýarys.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.