Çynar GURTMYRADOWA, «Türkmennebit» DK-nyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalar bölüminiň baş hünärmeni:
— Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda maňa ýurdumyzyň aýal-gyzlaryny şu bahar baýramy bilen gutlamak hem-de olaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli syýasat üçin hoşallyk bildirmäge ajaýyp mümkinçilik döredi. Şol syýasatda eneligi we çagalygy goramaga, maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamaga aýratyn orun berilýär.
Terbiýäniň, wepalylygyň we gözelligiň nusgalary, maşgala ojaklaryny gorap saklaýjylar bolan ýurdumyzyň zenanlarynyň ýüzlerçesi her ýyl döwlet sylaglaryna — ordenlere we medallara, hormatly atlara mynasyp bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlary alýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda zenanlar üçin edilýän ähli işler taryhy däpleriň we oýlanyşykly gender syýasatynyň ajaýyp sazlaşygynyň belent nusgasy bolup durýar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.