Habarlar

Çeper BABAÝEWA, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geofizika bölüminiň baş hünärmeni, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy:

https://ussatnews.com/storage/posts/5156/original-1640834ce8757d.jpeg

— Zenan — döredijilik we gözellik, hoşniýetlilik we söýgi, ol pähim-paýhasy, ýagşylygy, bakylygy, ajaýyplygy özünde jemleýär. Şonuň üçin ýurdumyzda giňden bellenilýän 8-nji mart baýramçylygynyň çuňňur manysy bolup, ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk, döredijilik syýasatynda öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň aýal-gyzlary döwletiň üns-aladasy bilen gurşalandyr, biz özümiziň zerurlygymyzy duýup, asuda we abadan geljegimize ynam bilen garaýarys, bu bolsa bizi tutanýerli zähmet çekmäge, işlemäge we döretmäge has-da ruhlandyrýar.

Ýangyç-energetika toplumynda hem gujur-gaýratly zenanlar zähmet çekýärler.

Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagynda, zenanlaryň owadan durmuşynyň üpjün edilmeginde, jemgyýetde ahlak gymmatlyklarynyň aýawly saklanmagynda alyp barýan ägirt uly işleri üçin «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň zähmetkeş gelin-gyzlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris..

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.