Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti eneleri we ähli gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/5158/original-164083a0b009fe.jpeg

Eziz eneler!

Mähriban gelin-gyzlar!

Sizi gözelligi, ýakymlylygy we ajaýyplygy bilen göwünlere egsilmez ylham-joşgun paýlaýan, bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirýän eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Halkara zenanlar güni jemgyýetimizi belent maksatlara jebisleşdirýän hem-de döredijilikli işlere ruhlandyrýan baýramçylyk hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şoňa görä-de, dünýä bileleşigi bilen birlikde, bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk dabaralaryna badalga berip, aýdym-sazly dabaralary, döredijilik bäsleşiklerini, sergidir maslahatlary geçirýäris. Zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünliklerini, eziz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge asylly goşantlaryny nazara alyp, enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly ady dakýarys, gelin-gyzlarymyzy «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglaýarys. Bu dabaralar zenanlarymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de olara goýulýan hormatyň nyşanydyr.

Mähriban eneler!

Hormatly gelin-gyzlar!

Maşgalanyň sütüni we abraýy, ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde eziz enelerimiziň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir.

Ak gyňaçly enelerimiziň, öýme ýaglykly gelinlerimiziň, gültahýaly gyzlarymyzyň süýji arzuwlary siňen we nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň kemala gelmegine ýardam berýän hüwdüleri, monjugatdylarydyr läleleri, gaýtalanmajak kämillige, milli öwüşgine eýlenen nepis halydyr keşdeleri biziň hümmeti egsilmejek milli hazynamyzdyr. Olaryň yhlasly zähmeti, egsilmez zehini bilen dörän we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgalary hasaplanýan türkmen milli halyçylyk hem-de keşdeçilik sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrýar.

Biz mähriban enelerimiziň ösüp gelýän nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent nusgalaryny terbiýelemekde bitirýän hyzmatyna ýokary baha berýäris. Maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däplerimizi dowam etdirmek bilen, zenanlarymyzyň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrýan özgertmelerimiziň durmuşa geçirilmegi ugrunda çekýän yhlasly we netijeli zähmetlerine çäksiz buýsanýarys.

Mähriban zenanlar!

Jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde bu gün döwletimiz tarapyndan zenanlara ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp durmuşy we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin zerur şertler döredilýär, gender deňligi kanun arkaly üpjün edilýär. Olaryň hukuklaryny we bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak babatda hem ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi zenanlarymyzyň bagtyýarlygyny has-da artdyryp, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.

Eziz eneler!

Mähriban gelin-gyzlar!

Sizi ajaýyp baýram — Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňiziň durmuşyňyzyň mylaýym bahar pasly ýaly elmydama owadan we nurana bolmagyny, berk jan saglygyny, maşgala ojaklaryňyza abadançylygy we bagtyýarlygy arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Başga habarlar
16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.


1676148551ec42.jpeg
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.


1675ce1bb84609.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.

1675a7ad43e8f6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.


1675860645672a.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.