Türkmenistanda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan ikinji utgaşykly elektrik stansiýasy gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak baradaky teklibi makullady. Bu barada teklibi geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanyna ýetirdi.
Bellenilişi ýaly, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda göz öňünde tutulýar.
Prezident hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň hem-de türkmen elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň we eksport ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän birinji elektrik stansiýasy Mary welaýatynyň çäginde 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda gurlup, ulanylmaga berildi. Bu ýerde General Electric (ABŞ) kompaniýasynyň her biriniň kuwwatlylygy 263,5 MWt bolan 4 sany gaz turbinasy, her biri 260 MWt bolan iki sany bug turbinasy oturdyldy.
Belläp geçsek, Türkmenistanda gurlan ilkinji bug gaz elektrik stansiýasy Merkezi Aziýada iň irisi diýlip ykrar edildi.
Peýdaly täsir koeffisenti 34%-e deň bolan adaty aýlawly elektrik stansiýasy bilen deňeşdirilende, utgaşykly işleýän elektrik stansiýasynyň PTK-sy 1,5 esseden gowrak ýokarlanýar we 56%-e çykýar. Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň sarp edilişi düýpli azaldylýar.
Bug gaz elektrik stansiýalary ekologiýa nukdaýnazaryndan hem artykmaçlyga eýedir. Bularda atmosfera zyňylýan kömürturşy gazynyň möçberi 2-3 esse azalýar.
Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy goňşy — Eýrana, Owganystana, Özbegistana we Gyrgyzystana iberilýär. Geljekde onuň eksportyny Özbegistanyň we Eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlara çenli ýetirmek meýilleşdirilýär.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.