Habarlar

Prezident: Dubaýda geçiriljek roud-şou Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmekde möhüm ähmiýete eýedir

https://ussatnews.com/storage/posts/5171/original-1640f0f8e8af79.jpeg

Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaýda geçiriljek roud-şouwyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu çäräniň esasy maksady ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr.

Maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli ulanmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalara maýa goýumlary çekmek, “Galkynyş” gaz käninde önümçiligi ýokarlandyrmak ulgamynda özara gatnaşyklaryň täze gurallary, ekologik taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary çekmek ýaly meseleler giriziler.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň ýurdumyzyň energetika diplomatiýasyny işjeň ilerletmek hem-de maýa goýumlary çekmek, öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak ulgamynda netijeli tejribe alyşmak babatda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.