Habarlar

Prezident iri desgalaryň gurluşygynyň hiline we möhletlerine gözegçilik etmegi Hökümet agzalaryna tabşyrdy

https://ussatnews.com/storage/posts/5177/original-16411b5ba1ff66.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda degişli iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna we ulanmaga tabşyrylmagyna, degişlilikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine gözegçilik etmegi tabşyrýan Buýruga gol çekdi.

Döwlet Baştutanynyň degişli karary ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde çap edildi.

Resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligi degişli iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi güýçlendirmäge, şeýle-de möhlet tertibine laýyklykda, her aýda ulanmaga tabşyryljak binalary we desgalary kesgitläp, olaryň geçiriljek çäreleriň we açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk tertibine goşulmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Bellenilişi ýaly, bu çäre ýurdumyzyň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2023-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.