Türkmenistanyň wekiliýeti BSG girmek boýunça Ženewada gepleşikleri geçirdi
Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG), Halkara söwda merkeziniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň BSG-nyň doly hukukly agzasy bolmaga berk ygrarlydygyny nygtady. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly garaýyşlary, başlangyç resminamalary taýýarlamak üçin iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň başlygy gepleşikler üçin içerki institusional mehanizmleri döretmegiň, BSG-e girmegiň netijelerini öwrenmegiň we milli kanunçylygy Guramanyň düzgünlerine laýyk getirmegiň möhümdigini aýtdy.
Agzalan halkara guramalaryň wekilleri hem öz gezeginde Türkmenistana ykdysady özgertmeleri geçirmekde we BSG-e goşulmakda goşmaça kömek bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem, BSG bu kömegi bermekde utgaşdyryjy orun eýeläp biljekdigine umyt bildirdiler diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.