Mitro International Türkmenistanyň Dubaýdaky maýa goýum forumynyň altyn gatnaşyjysy boldy
Mitro International Limited kompaniýasy Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Dubaýda geçjek Halkara forumyň altyn gatnaşyjysy boldy.
2000-nji ýylda esaslandyrylan Mitro International Limited Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyndaky nebit işlerine, hususan-da, gözleg, agtaryş we nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmeklige maýa goýmaklygy maksat edinýär.
2000-nji ýylyň iýun aýynda Gündogar Çeleken nebit ýatagynda «Hazar» şertnamalaýyn çägini özleşdirmekde önümi paýlaşmak barada Şertnama gol çekildi. Bir ýyl soňra Mitro International Limitedkompaniýasy Şertnamanyň doly hukukly agzasy boldy we şol wagtdan bäri Gündogar Çeleken nebit ýatagyny özleşdirmek we işlemek boýunça işlerini üstünlikli alyp barýar.
Mitro International Limited kompaniýasy nebit ýataklarynyň we guýularyň ylmy-barlagynyň döwrebap usullaryna aýratyn üns berýär. Gündogar Çeleken nebit ýatagyndaky taslamany ýerine ýetirmekde 70-den gowrak guýy guruldy. Gazyp çykarmagy has artdyrmak üçin, nebit ýatagynda ulanyşyň mehanizirlenen usuly elektrik hereketlendirijileriň merkezden gaçyryş sorujylaryň we sorujy çybyk nasoslaryň oturdylmagy arkaly alnyp barylýar.
Kompaniýanyň işjeňligi bilen baglanyşykly käbir faktlar:
– Gündogar Çeleken nebit ýatagyny özleşdirmek we işlemek boýunça taslamanyň ýerine ýetirilip başlanan wagtyndan bäri 760 mln ABŞ-nyň dollaryndan gowrak maýa goýuldy.
– Çig nebitiň gazylyp alnyş möçberi 5 900 000 tonnadan gowrakdyr. Döwletiň paýy 2 845 303 tonnadan gowrak boldy.
– Aşaky gyzyl reňkiň plastlaryndan gazylyp alynmany artdyrmak üçin plasty gidrawlik bölmegi we yzysüre nebiti gazyp almagy geçirmeklik meýilleşdirilýär.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.