Saýlawlaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin nebitgaz toplumynda zerur çäreler görüldi
Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemlerine seredildi.
Mejlisiň barşynda Hökümet agzalary saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew ýurdumyzda geçirilen möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, saýlawlary açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli çäreler geçirildi. Nebitgaz pudagynyň kärhanalarynda döredilen saýlaw uçastoklary ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň bu möhüm çärä guramaçylykly we işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin zerur enjamlar bilen enjamlaşdyryldy.
Nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresine gatnaşyp, mynasyp dalaşgärlere öz seslerini berdiler. Şeýle hem gatnaw usulynda zähmet çekýän işgärleriň ses bermekleri üçin ähli şertler döredildi.
Döwlet Baştutany geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň uly ähmiýetini belläp, raýat jemgyýetiniň kanunçylyk binýadynyň döredilmeginiň saýlawlary giň bäsdeşlik esasynda geçirmäge mümkinçilik berendigini aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutany saýlawlar bilen bagly geçirilen işleri düýpli seljerip, has-da kämilleşdirmek üçin ýakyn wagtda teklipleri bermek barada görkezmeleri berdi. Şol teklipler öwreniler, kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky meselä serediler.
Prezident milli parlamentiň täze saýlanan deputatlarynyň tizden öz wezipelerine girişmekleri üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň 6-njy aprelde paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiriljekdigini aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow ses bermäge gatnaşan ähli raýatlarymyza minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Mejlisiň saýlanan deputatlarynyň 26 göterime golaýy (25,60 göterim) zenanlar bolup durýar. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň 29 göterime golaýynyň (28,75 göterim), etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň 30 göterime golaýynyň (29,58 göterim), Geňeş agzalarynyň 28 göteriminiň zenanlar bolmagy ýurdumyzda zenanlaryň uly hormat-sarpa eýedigini görkezýär.
Şeýle hem saýlanan deputatlaryň 41%-iniň 40 ýaşa ýetmedik ýaşlardygy bellenildi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.