Habarlar

“Köňül mukamy” atly okuw gollanmasy çapdan çykdy

https://ussatnews.com/storage/posts/5280/original-1642e67da78fff.jpeg

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Röwşen Muhammedowyň “Köňül mukamy” atly okuw gollanmasy çap edildi. Çapdan çykan bu okuw gollanma dutar sazandalyk sungatyny ösdürmekde düýpli işleri alyp barýan häzirki zaman ussatlarymyzyň biri Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti Orazmyrat Annanepesowa bagyşlanýar. Onda halypanyň milli saz sungatymyzy wagyz etmekde bitiren işleri, ýerine ýetirijiligi, döredijiligi bilen baglanyşykly alnyp barlan işler, şeýle hem Oraz Annanepesowyň döreden aýdym sazlary baradaky giňişleýin maglumatlary özünde jemleýär.

Gollanma dutar sazandalyk sungatyny ösdürmek boýunça düýpli işleri alyp barýan häzirki zaman ussatlarymyzyň biri Orazmyrat Annanepesowyň 40 ýylyň dowamynda alyp baran mugallymçylyk, sazandalyk hem döredijilik bilen bagly ýerine ýetirilen işlerine bagyşlanýar.

Gollanmanyň taýýarlanymagy hem halypaň 65 ýaşynyň bellenip geçilýän senesi bilen baglanyşdyrylýar. Kitapda Oraz Annanepesowyň mähriban ene-atasy hakynda hem maglumatlar berilýar. Ol dürli ýyllarda birnäçe konsertlerde çykyş edýär. Halypamyzyň milli sungatymyzy wagyz etmekde bitiren işleri hem aýratyn bellemäge mynasypdyr.

“Köňül mukamy” okuw gollanmasyny ýörite orta sazçylyk hem sungat mekdepleriniň, ýokary sazçylyk mekdepleriniň talyplary, mugallymlary we giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilendir.

Gülbahar Ýusupowa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa- saz öwreniş we fortepiano” fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.