Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlyklygyna saýlandy

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hakynda
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde bolup geçen birinji maslahatynyň barşynda gizlin ses bermegiň netijeleri boýunça:
Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowany Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlyklygyna saýlamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 6-njy apreli.

Nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Türkmenistanda «ÝAŞYL ENERGIÝA — ÝAGTY GELJEK» bäsleşigi yglan edilýär
2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni, "Nebit-gaz" gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) GmbH we “Ussatnews” elektron gazetiniň redaksiýasy bilelikde “ýaşyl energiýa”, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energotygşytlylyk we Türkmenistanda energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan işlerine bagyşlanan iň gowy makalalaryň bäsleşigini yglan edýär.

Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.

Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar
Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.