Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň üstünlikleri

https://ussatnews.com/storage/posts/5302/original-16432c6a379182.jpeg

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Nakgaşçylyk” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Hemra Baýramow Russiýa Federasiýasynyň “ERUDIT” halkara derejesindäki onlaýn bäsleşiginde “Rus dili” dersi boýunça gatnaşyp “1-nji ýere mynasyp boldy. Ýene-de zehinli talyplarymyzyň biri bolan “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Grafika” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Mahym Atakowa, Kanada ýurdunyň Britan Kolumbiýa welaýatynda geçirilen Halkara sergisine “We are very good friends” (Biz gowy dostlar) atly eseri bilen gatnaşyp ýeňiji boldy we başlangyç suratkeş diýlip sertifkat bilen sylaglandy.

Ýurdumyzda ýaşlara öwrenmäge, öz döredijilikli işleri bilen diňe bir öz ýurdumyzyň çäginde däl-de, eýsem, internet üsti bilen daşary ýurt bäsleşiklere gatnaşmaga giň mümkinçilikleri açyp berilýär. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza atalyk aladalary üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Biz hem öz gezegimizde bize bildirilýän uly ynamy ödäp, öz saýlap alan hünärimiziň eýesi boljakdygymyza ynandyrýarys.

Amangül Goçmyradowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.