Habarlar

Täze «gara altynly» guýular

https://ussatnews.com/storage/posts/5308/original-1643403265d888.jpeg

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen üç aýynda gazuw işleri tamamlanan guýularyň altysyny nebitgaz çykaryjylara ulanmaga berdiler. Gazanylan bu zähmet üstünliklerinde «Goturdepe» we «Nebitdag» buraw işleri müdirlikleriniň burawlaýjylarynyň mynasyp goşantlary bar.

«Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary tarapyndan şu ýylyň geçen üç aýynda Balkan welaýatynyň çägindäki känlerinde önümli guýularyň jemi 4-si nebitçilere ulanyşa berildi. Bu döwürde baýlyk gözleýjiler 12 müň 338 metr ýerasty çuňluk geçmegi başardylar. Şonça çuňlugyň 12 müň 260 metriniň ulanyş maksatly çuňluk bolmagy has-da buýsançlydyr. Ýakynda müdirligiň burawlaýjylary tarapyndan Goturdepe känindäki taslama çuňlugy 2600 metr bolan 1807-nji guýynyň 2534-2335,5 metr çuňlugyndan ýangyç çig malynyň bol senagat akymy alyndy. Täze guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde 12 tonnadan gowrak «gara altynyň» senagat akymyny berýär.

«Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary hem golaýda Goturdepe känindäki 1827-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Taslama çuňlugy 1700 metr bolan bu guýyny buraw ussasy Şähermyrat Aşyrow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar topary öz wagtynda gazmagy başardy. Nebitçilere ulanyşa berlen bu guýy bir gije-gündizde «gara altynyň» 17 tonnasyny berýär.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň burawlaýjylary döwrebap zähmet çekmäge döredilýän dünýä nusgalyk mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarlar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.