Habarlar

Hyundai Engineering — Türkmenistanyň Dubaýdaky Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hyzmatdaşy

https://ussatnews.com/storage/posts/5321/original-164366a99513e3.jpeg

Hyundai Engineering 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Dubaýdaky Hyatt Regency myhmanhanasynda geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň bürünç hyzmatdaşydyr - diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.

1974-nji ýylda esaslandyrylan Hyundai Engineering diňe bir Koreýa Respublikasynda däl, eýsem bütin dünýäde dürli ugurlarda inženerçilik çözgütlerini hödürleýän global kompaniýa öwrüldi. Kompaniýa köp ýyllyk tejribä, öňdebaryjy tehnologiýalara we adam mümkinçiliklerine esaslanýan gymmatlyklary döretmäge ymtylýar.

Türkmenistanda öz işjeňliginiň 10 ýylynyň içinde Hyundai Engineering birnäçe iri bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirip, iň çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýar hem ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy.

2013-nji ýylda «Galkynyş» gaz ýatagynda kompaniýa gazy kükürtden arassalaýjy desgany gurdy. LX International Corporation bilen hyzmatdaşlykda Hyundai Engineering Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda birnäçe täze tehnologik desgalary işe girizdi.

2018-nji ýylda Günorta Koreýa kärhanasy Balkan welaýatyndaky Gyýanly şäherçesinde täze gaz-himiki toplumyň gurluşygyny tamamlady. Onuň her ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçiligi bar. Önüm öndürilende öňdebaryjy we ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalar ulanylýar.

Bahasy 3,4 mlrd ABŞ-nyň dollary bolan taslama Hyundai Engineering tarapyndan LX International Corporation we TOYO Engineering Corporation kompaniýalary bilen bilelikde ýerine ýetirildi.

2014-nji ýylda taslamany taýýarlama tapgyrynda Hyundai Engineering kompaniýasynyň Beýik Britaniýada TXF (Trade-Export-Finance)-den Ýewropadaky we Aziýadaky iň gowy on sany ekologik taýdan arassa taslamalaryň biri hökmünde ýörite sylag alandygy bellenmäge mynasypdyr.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.