Habarlar

Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maslahat geçiriler

https://ussatnews.com/storage/posts/5323/original-1643709c1c9a9a.jpeg

Şu ýylyň 26 — 27-nji aprelinde Dubaý şäheriniň (Birleşen Arap Emirlikleri) «Hyatt Regency» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu maslahatyň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde onuň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» HJ hem-de Beýik Britaniýanyň «GaffneyCline» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraljak çäräniň gün tertibine möhüm meseleler giriziler. Olaryň hatarynda baý tebigy serişdeleri netijeli ulanmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalara maýa goýumlary çekmek, «Galkynyş» gaz käninde önümçiligi ýokarlandyrmak babatda özara gatnaşyklaryň täze gurallary, ekologik taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary çekmek, şeýle hem döwrebap tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak işinde öňdebaryjy tejribäni alyşmak ýaly meseleler giriziler.

Iki günüň dowamynda Türkmenistan halkara maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde bolar, ol öňdebaryjy milli we halkara energetika kompaniýalaryny, şeýle hem diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem, tutuş sebitde nebitgaz pudagynyň geljegini gurýan bilermenleri bir ýere jemlär.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň esasy energetika kompaniýalary ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwaty, strategik pudakda daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän mümkinçilikler bilen tanyşdyrarlar.

Garaşylyşy ýaly, halkara forumyna gatnaşyjylaryň ünsi 21-nji we 23-nji deňiz bloklaryna, Günbatar Çeleken ýatagyna maýa goýmak, degişli ýataklarda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de gaz gorlary boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýän «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky tapgyryny işläp taýýarlamak ýaly meselelere çekiler.

Işewürlik duşuşyklarynyň dowamynda geljekki maýadarlar ilkinji çeşmelerden Türkmenistanyň energetika pudagynda täze maýa goýum taslamalary barada maglumatlary alyp bilerler.

Forumyň çäklerinde möhüm şertnamalara we özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Bu çäräniň guralmagy Türkmenistanyň energetika pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge hem-de bu ulgamy durnukly ösdürmegi ugur edinýän sebit gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam eder.

«Zoom» platformasy arkaly çäräniň bolýan ýerinden göni ýaýlymyň guralmagy Dubaýda geçiriljek halkara foruma gatnaşyjylaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiriljek duşuşyklar oflaýn, şeýle hem onlaýn formatlarda guralar. Umuman, çäräni guraýjylar netijeli işlemek hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ähli şertleri döretmegi maksat edinýärler.

Ozal Londonda, Dubaýda, Abu-Dabide ýokary derejede guralan şeýle halkara çäreler dünýä belli kompaniýalaryň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi, Diýarymyzyň durnukly we syýasy ýagdaýy, şeýle hem ygtybarly kanunçylyk binýady we döwlet kepillikleri daşary ýurtly işewürleri özüne çekýär.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.