Habarlar

CNPC Türkmenistanyň Dubaýda Halkara forumynyň platina hyzmatdaşy bolup çykyş eder

https://ussatnews.com/storage/posts/5327/original-1643806f058d5b.jpeg

Hytaýyň milli nebit kompaniýasy (CNPC) Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 2-27-nji aprelde Dubaýda geçjek Halkara forumynyň platina hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder.

CNPC nebit pudagyna maýa goýum goýmak bilen, öz işini dünýäniň 38 ýurdunda amala aşyrýar, kompaniýa tarapyndan öndürilen nebit materiallary we enjamlary dünýäniň 82 ýurdunyň bazarlarynda ýerlenilýär. Kompaniýanyň bu foruma gatnaşmagy möhüm waka bolup durýar, sebäbi ol Türkmenistanyň nebit-gaz taslamalaryna iri maýa goýumçylaryň biri bolup çykyş edýär.

Hytaýyň Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ösmeginde strategiki bähbidi bardyr, sebäbi ýurt dünýäde tebigy gazy köp mukdarda eksport edýän ýurtlaryň biridir. HHR öz gezeginde, Türkmenistandan gazy köp mukdarda satyn alyjylaryň biridir we bu pudakda maýa goýumlarynyň artmagy iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam edýär.

Umuman, CNPC-niň foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň halkara bazaryna energiýa göterijilerini üpjün ediji hökmünde möhüm ornuny aňladýar, şeýle hem Hytaý tarapyndan bu babatda resmi taýdan Aşgabat bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanmasyny bildirýär.

CNPC-niň işjeňligi nebitiň we gazyň ýataklaryny gözläp tapmaklyga we özleşdirmeklige, nebiti gaýtadan işlemeklige we himiýa senagatyna, nebit önümlerini satmaklyga, nebiti we gazy saklamaga we daşamaga gönükdirilendir.

2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda «Türkmengaz» DK we CNPC «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde önümi paýlaşmak baradaky Ylalaşyga we tebigy gazy satmak-satyn almak baradaky şertnama gol çekdiler. Bu resminamalara laýyklykda Hytaýyň korporasiýasy 35 ýylyň dowamynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde tebigy gazyň ýataklarynyň gözlegi, özleşdirilmegi we çykarylmagy boýunça doly gerimli işleri geçirer.

13 ýylyň dowamynda Hytaýyň milli nebit korporasiýasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde gazyň çykýan ýatagyny işlemek üçin 8 mlrd ABŞ-nyň dollaryndan gowrak maýa goýum goýdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasy hereket edýär — A, B we C geçirijileri. Geljekde D geçirijisini çekmek meýilleşdirilýär. Gaz geçirijisi işe girizilen wagtyndan bäri tebigy gazyň eksportynyň umumy artýan möçberi 330 mlrd kub metre golaý boldy.

CNPC durmuş düzüm bölegine hem uly üns berýär, hususan-da, Türkmenistanyň uly gerimli sport taslamalaryna, şol sanda dünýäniň we Aziýanyň çempionatlaryna hemaýatkär hökmünde çykyş edýär. Hytaý korporasiýasy şeýle hem türkmen ýaşlarynyň HHR-nyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünär bilimini almagyna hem ýardam edýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.