Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde informatika boýunça birinji halkara olimpiada geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde türkmen we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika dersi boýunça I halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi.
Olimpiada ondan gowrak döwletden 50-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 500 töweregi wekil gatnaşdy. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasy, Belarus, Hytaý, Azerbaýjan, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Ermenistan, Rumyniýa, Germaniýa we Türkmenistan bar diýip, ORIENT habar berýär.
Halkara olimpiadanyň esasy maksady ýewraziýa sebitiniň gyzyklanma bildirýän ýaşlaryny, aýratyn hem, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny birleşdirmek bolup durýar. Ýakynda has ukyply ýaşlaryň toparyny ýüze çykarmaga ýardam etjek beýleki dersler boýunça hem şular ýaly ýaly halkara olimpiadalary geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistandan bu olimpiada 23 ýokary okuw mekdebinden 170 talyp wekilçilik etdi. daşary ýurtly gatnaşyjylaryň jemi sany 250 adam töweregi boldy.
Olimpiada gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Petronas tehnologiýa uniwersiteti (Malaýziýa), Ploýeşti nebitgaz uniwersiteti (Rumyniýa), Pekiniň Hytaý nebit uniwersiteti (HHR) ýaly dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleri girdi.
Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň IT hünärmenleri we mugallymlary tarapyndan işlenip düzülen Moodle platformasynda geçirildi. Bu platforma gatnaşyjylary hasaba aldy, olar üçin ulgama girmäge login we parol döredip berdi, meseleleri ýükledi. Meseleler bölümler boýunça berildi: ulgamlaýyn programmalaşdyrmak, obýektiw-orintirlenen programmalaşdyrma, ikileýin kodlaşdyrma we maglumaty ölçemek, kompýuter grafikasy.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.