Dubaýda OGT-2023 Halkara maýa goýum forumyna 300-den gowrak wekil gatnaşar
Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynyň açylmagyna sanlyja gün galdy. Forum 26-njy aprelde Dubaýda öz işine başlar. Forumyň guramaçylary bolup «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Türkmen Forum HJ we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Wekiliýetleriň düzümine döwlet edaralarynyň, iri kompaniýalaryň, akademiki we işewür toparlaryň, bilermenleriň we metbugat jemgyýetleriniň 300-den gowrak wekilini öz içine alýar. Şahsy gatnaşykdan başga-da, diskussiýa platformasyna onlaýn hem birikgip bolýar.
Maýa goýum forumynyň işine Türkmenistan we BAE hökümetiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we ministrlikleriň, banklaryň we dürli gaznalaryň, birnäçe daşary ýurt we türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň iki ýüzden gowrak wekili gatnaşar.
Forum 26-njy aprelde irden umumy mejlis bilen başlar. Çykyş edýänleriň arasynda global energetika geçişiniň çäginde bu pudagyň ösüşi üçin strategiki gözýetim hödürlejek türkmen ýangyç-energetika toplumynyň hereket edýän şahslary we halkara nebit-gaz bazaryndaky möhüm şahsyýetler bar.
Foruma we onuň abraýyna bolan ýokary gyzyklanma, onuň işine BAE-nyň Döwlet ministri, ADNOC-nyň Dolandyryjylar geňeşiniň we Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasynyň agzasy Ahmed Ali Al Saýeg, Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktum, BMG halkara metan zyňyndylary synlaýyş merkeziniň ýolbaşçysy Manfredi Kaltajirone, GHGSat Inc. kompaniýasynyň prezidenti Stefan Jermeýn ýaly ýokary wezipeli işgärleriň we jogapkär ýolbaşçylaryň gatnaşmagy şaýatlyk edýär.
Türkmen tarapyna wise-premýer Aşyrguly Begliýew, nebit-gaz, bank we türkmen ykdysadyýetiniň beýleki pudaklarynyň bölümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem 20-den gowrak kompaniýanyň ýolbaşçylary wekilçilik eder.
Mundan başga-da, maýa goýum forumyna iri kompaniýalardan (PETRONAS, Dragon Oil, Siemens Energy, Total Energies, CNPC, Yug-Neftegaz Private Limited we ş.m.) onlarça prezidentler we ýigrimi-den gowrak wise-prezidentleri, maliýe guramalarynyň, daşky gurşaw guramalarynyň, şeýle hem, BMG, ÝHHG ýaly abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri konferensiýa onlaýn gatnaşar.
Möhüm çykyşlar umumy mejlisde ediler we bäş sessiýanyň dowamynda maýa goýum forumynyň başynda goýlan köp sanly meselä serediler. Bu – global energetika geljeginde Türkmenistanyň orny; Türkmen energetika pudagyna maýa goýum mümkinçilikleri: gury ýerdäki we deňizdäki taslamalar; uglewodorod ýataklaryny işläp taýýarlamagyň ekologiki ugurlary; Täze döwür energetikasy: Içerki we sebitleýin ösüşiň geljegi; monetizasiýanyň tizlenmegi we Türkmenistanyň täze energetika çeşmeleriniň diwersifikasiýasy.
Dubaýdaky maýa goýum forumynyň işi Bloomberg news, S&P, Argus, Energy Intelligence, National Gas World, Interfax, Media Hub, TRT Turk we beýleki neşirler ýaly metbugat ägirtleri tarapyndan beýan ediler.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.